
Pisse, maňyz ýüze çykýan düwürtük ýa-da ýaglaryň döremegine sebäp bolup bilýärmi?
Myhman.
Jogaby oka

Salam men bina gurluşykda işleýän. Işlän döwrümde bir demir bölegini kesip durkam, ondan kiçiräk demir bölejiginiň gyzgyn gylçagy meniñ gözümiñ garajygyñ üstünden girdi, emma garajyga ýetmän üstünde ýuka perdede saklanan eken. Men ony şol wagt lukmana görkezdim gözümden onuñ gylçagyny aýyrdy, emma onuñ giren ýerinde oýuk edip tegmil goýdy. Lukman maña gözüñe damdyrylýan derman berdi men ony damdyryp gezdim. Ýuwaşdan agyry aýrylyp bitip ugrady, gözüñ üstündäki tegmil hem aýryldy, has oñat boldy. Şondan bäri 8 aý geçdi, emma gözüm öñküsi ýaly dury görmeýär bulaşyk görýär. Men näme etsemkäm? Men ýene hiç zat bolmadyk ýaly gowy görermikäm? Näme etmelidigini maslahat bermegi haýyş edýärin. Jogabyňyza garaşan.
Aman.
Jogaby oka

Salam lukman! Meniň boyum 170 sm, ýöne agramym 57 kg. Men lukmanlara özümi barlatdym, gastrit yok, gurçuk ýok, ýöne şonda-da semräp bilemok. Görşüňiz ýaly, meniň agramym boyuma görä däl, özümem 23 ýaşymda. Nädip semräp bilerin? Sizin maslahatyňyň gerek.
Saýtyň okyjysy Öwez.
Jogaby oka

Salam saýtyň lukmany. Berjek soragym üçin bagyşaweriň, aýyplaşmaň. Meniň ujydym turýar, ýöne jyns gatnaşygynyň dowamynda dölümi çalt dökýän, yz yany ujydym wagty bilen turanok. Bu impotensiýamyka? Munuň bilen nähili göreşmeli? Mana kömegiňiz deger diýip umyt edýän.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam Hormatly Lukman. Meniñ esasy gündeki problemalarymyñ biri saçymyñ seyreklemegi. Saç näme sebäpden düshýär? Saç düşmegiñ öñüni nädip alyp bolyar? Tohum yzarlasa, öñüni alyp bolmazmy? Eger tohum yzarlaýan bolsa, saç ekdirip bolyarmy? Aşgabatda saç ekip berýän merkezler barmyka? Bahasy nähilikä? Başga-da haysy dermanlaryñ kömegi degip biler? Biocxin diyip Türkiýede öndürilen şampun bar, ýöne kän täsiri yok. Saç dökülmä garşy nämeler ulanyp bolar?
Minnetdarlyk bilen, Durdy.
Jogaby oka

Lukman, men näme etmeli? Içim elmydama gataýar. Derman ullansam gowy, ullanmasam gataýar. Aşgabatda iň gowy lukmany maslahat bermegiňizi haýyş edýän.
Myrat.
Jogaby oka

Menin gözümiň öňünde 10 gün bäri mele kerep ýaly bir zat gaýyp gidýär. Ol şol bir şekilde bolýar. Kitap okasam päsgel berýär. Munuň sebäbi näme? Siziň maslahatyňyz gerek.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Men 20 ýaşymda. Saçym örän yagly bolany üçin ony günde yuwup ýadaýan. Saçyň yaglylygyny nädip azaldyp bolyar?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Çaga aýrylandan soň uzak wagt aýbasy ýaly gan gidip bilermi?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam hormatly Lukman! Türkmen dilinde şeyle oňat saýtyň bardygy gowy zat, diýseň düşnükli we peydaly makalalary ýetirýäniňize ýene bir gezek minnetdar. Men Türkiýäniň uniwersitetleriniň birinde lukmançylyk fakultetinde okaýan. Gabat gelýän, agzalýan köp keselleriň türkmençesini bilmekde kynçylyk çekýän. Eger mümkin bolsa, elektron formatda türkmençe-rusça (inlisçe) lukmançylyk sözlügiňiz bar bolsa, mail adrese ugratmagyňyzy hayyş edýän. Işinizde üstünlikler arzuw edýän.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka