Türkmenistanda adamyň papillomawirusyna garşy waksinany nirede alyp bolýar?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
"Biziň ýurdumyzda howamyz arassa hasaplanýar. Oňa garamazdan, näme üçin köplenç Mary GRES, ençeme senagat kärhanalary bolan Türkmenbaşy şäheriniň töwereklerinde rak keseli bilen kesellän adam köp?"
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
"Salam lukman! Gipogonadizm näme we ony bejermegiň ýollary barmy?"
Saýtyň okyjysy
Jogaby oka
"Salam lukman! Kolonoskopiya näme we ony haçan geçirmeli?"
Saýtyň okyjysy.
Okamany dowam et
"Salam hormatly lukman! Men 29 ýaşymda, mende çakyza diýen kesel bar. Onuň tutan wagty gözüm garaňkylap we erbet kelläm agyryp, iýen naharlamy gaýtarýan. Çagalykda maşgala lukmanym ulaldygymça aýryljakdygyny aýtsa-da, keselim geçenok. Hiç bir lukmandan netijeli maslahat alyp bilmedim. Käwagt ýygy tutýan, käwagtlar ýylda bir- iki gezek tutýan wagty hem bolýar. Meniň ozal geçiren keselim ýok. Ýol-ulag hadysasyna sezewar bolmadym. Bu keseliň sebäbi nämedenkä?”
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
"Salam lukman! Jynsy agzanyñ towereginden cykyan siññile meňzeş goñur rendaki öryan zatlar ulalyp köpelse name edip bolyar? Men degişli ceşmelerden okap bu ýagdaýa papilloma wirusyň getirip bilýändigini bildim. Eger olary aýyrtmasaň howply bolup bilermi?"
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
"Salam lukman! Meniň 1 yaş 4 aýlyk gyzjagazym bar. Gyzyma Multitabs beresim gelyär. Onuň dürli görnüşi bar ekeni. Haýsy görnüşini bersem gowy bolar?"
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
"Salam lukman! Meniň toý edenime 2 ýyl boldy. Aýalymda çaga galmandygy sebäpli barlaglardan geçmegi ýüregine düwdi. USB düşeninde çep we sag ýumurtgalyklaryň ikisinde hem endometrioid kista bar diýdiler: çep tarapda has ulurak – 5-6 sm, sagda biraz kiçi. Laparoskopiýa usuly arkaly kistany aýyrmagy maslahat berdiler. Emma men operasiýadan soň hem kistalaryň döräp biljekdigini eşitdim. Endometriod kistalary dermanlar bilen hem aýryp bolýarmy? Haýsy bejergi usuly netijeli bolarka?"
Saýtyň okyjysy.
"Biziň durmuş guranymyza 2 ýarym ýyl boldy. Toýuň ertesi güni gelnimiň garyn boşlugynda güýçli agyry döredi. USB barlagy gelnimde ululygy 2 sm bolan endometrioid kistanyň bardygyny görkezdi. Aý başysy gelmezden ozal garnyň ýellenmegi, güýçli agyrynyň döremegi, ýürek bulanma biynjalyk edýär. Aýbaşy gutarandan soň 6-8 günläp şokolad häsiýetli gan gelýär. Gelnim jynsy aragatnaşyk saklamakdan boýun gaçyrýar, çünki jynsy aragatnaşykda güýçli agyrynyň döreýändigini belleýär. Biz iki ýyldan bäri bejergi alsak hem üýtgeýän zat ýok. Gelnimde çaga galyp bilermikä ýa-da biz çagalar öýünden çaga almaly bolarysmy? Şu keseli nähili bejerip bolar?"
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
"Salam lukman! Himiýa bejergisini alýan näsagyň saçy yzygiderli düşýär we kellesindäki saç gün-günden azalýar. Bejergi gutarandan soň saçlar gaýtadan ösermikä?"
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
"Salam lukman! Men 22 ýaşly oglan. Menin agramym 56 kg we ýaşyma garanymda daşymdan hor görünýän. Meniň semiz dälde, daşymdan daýaw bolasym gelýär. Işdäm gowy bolsa hem, iýenim bedenime siňmeýän ýaly. Men näme sebäpden agramymy alyp daýawlaşmaýarkam? Onuň üçin nähili iýmitlenmeli we haýsy witaminleri kabul etmeli?"
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka