Salam, lukman! Men öz gelnimiň gyjyndyryjy nokatlaryny bilesim gelýär. Olary nädip anyklamalydygy barada gürrüň berseňiz, hoşal bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam, Lukman! Jynsy gatnasygyn kadasyzlygy hem-de tertipsiz jynsy gatnasyk diyilýän zat barada giňişleýin düşünje berseňiz, hoşal bolardyk. Jynsy gatnaşyň kadasy barada öň ýazylan makalany okap, biraz düşünje aldyk. Indi tertipsiz jynsy gatnaşyklar barada hem ýazaýsyňyz diýip haýyş edýäris.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam, lukman! Men jyns gatnaşygyna bolan islegim ýokary. Bu islegi nädip peseldip bolýar? Ýa-da halaýan maşgalamyň jyns islegini ýokarlandyrjak nähili derman barka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam hormatly Lukman! Biz käbir sebäplere görä uzak wagtlap jynsy gatnasykda bolup bilmedik (60-90 gün). Erkek adam hiç hili goşmaça derman serişdelerini ulanmazdan, 12-16 sagadyň dowamynda 10 ya-da ondan hem köp jynsy gatnasyk etse, munuň erkek we zenan ücin zyýany barmyka? Belki, şeýle ýagdaýdan soň haýsydyr bir görülmeli çäreler bardyr. Şu barada maglumat beräýseňiz…
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam, hormatly lukman!
Jynsy isleglerde aýal maşgala bilen erkegin arasynda tapawut barmy? Eger bar bolsa, tapawudy nähili? Şeýle tapawutlylygynyň sebäbi nämekä? Giňişleýin gürrüň berseňiz, minnetdar bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam Lukman! Göwrelilik döwründe jynsy gatnaşyk bolup bilermi? Eger şeyle edýän adamlar bar bolsa, bu çaganyň saglygyna, aýalyň saglygyna zyýanlymy? Şeýle gatnaşygy saklamak bolýan bolsa, onuň ýygylygy nähili bolmaly? Jogabyňyz üçin minnetdar.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam, hormatly lukman! Meniň soragyma jogap çykmady welin, ýazanlarym barmandyr öýdýän. Soragymyň mazmuny şeýledi: Jynsy isleglerde aýal maşgala bilen erkegin arasynda tapawut barmy? Eger bar bolsa, tapawudy nähili? Şeýle tapawutlylygynyň sebäbi nämekä? Giňişleýin gürrüň berseňiz, minnetdar bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam, Lukman! Öňräk bir dost oglanlarymyň biri öýlendi. Soňky wagtlarda onuň birhili keýpi bolmansoň sorap anygyna ýetdim. Sebäbi bolmaly işler kän ugruna bolanok diýýär (düşinensiňiz-le näme hakda gürrüň gidýänligine). Dostumyň aýdyşyna görä onuň häkisi ysgynsyzmyş. Zordan 2 ýa-da 3 günden bir iş bitirýärmiş. Öz aýdyşyna görä 1-2 ýyldan mundan öň gowy işleýän ekeni. Gepiň kelte ýeri ýagdaýy gowy däl. Öz etrabynda bejertmäge bolsa utanýar (garyndaşlarynyň biri hassahanada işläýär). Şonuň üçin ol Aşgabada gelip bejertjek bolýar. Gaýrat edip haýsy hassahana gowy bejergi berýändigini ýazsaňyz bir adama kömek etdigiňiz bolardy!
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam, Lukman! Köp wagtlap (bir aý ýa-da ondan hem köp wagt) jyns gatnaşygynda bolman, soňra onuň ýygylygynyň haýsydyr bir bellenen cägi barmyka? Bu zenanlar we erkekler üçin babatda nähili bolmaly?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam Lukman! Men ilki bilen saýty döredeniňiz üçin minnetdarlygymy bildirýän! Men durmuşa çykanyma 2 ýyl boldy. Menin gyzjagazymam boldy. Men öz ýoldaşym bilen jynsy gatnaşykda bolanymda, muňa hiç islegim, gyjynma alamatlary ýok. Munuň sebäbi nämedäkä? Siziň maslahatyňyza mätäç.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka