
Salam Admin. Gowymy ýagdaýlaryňyz? Men Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinden lukmançylyk enjamlaryny satýan magazin açasym gelýär. Sizden haýyşym – Nirä ýüz tutmaly? Lisenziýa almalymy? Nähili resminamalary düzetmeli? Şu soraglaryma kömek etseňiz, köp adamlara lukmançylyk ugrundan kömegim degermikä diýýän. Sagboluň. Garaşýan jogabyňyza.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Hormatly lukman! Terafleks dermany barada maglumat bermegiňizi haýyş edýärin.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam lukman! Häzir, esasan ýaşlaryň arasynda saçlary saç guradyjy bilen guratmak ýörgünli. Bu saçlar üçin zyýansyzmy?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Hormatly saýtymyzyň okyjylary!
Sizden gelýän her bir sorag biziň üçin möhüm bolup, oňa doly we göwnejaý jogap bermek, sizi gyzyklandyrýan ol ýa-da beýleki meseläni giňden beýan etme we çözgüdini tapyp berme biziň üçin diýseň wajyp bolup durýandyr.
Edil şol maksat bilen, köpler üçin has wajyp bolup duran meseleleriň üstünde has giňişleýin durup geçmek üçin biz ýörite makalalary taýýarlap, saýtda ýerleşdirýäris. Sizi gyzyklandyrýan soraglar öň berlen bolsa, jogaplary siz "Sorag-jogap" bölüminde hem tapyp bilýärsiňiz. Onuň üçin "Sorag-jogap süzgüji", "Gözleg" hyzmatlaryny ulanma siziň maglumat gözlegiňizde işiňizi ýeňilleşdirip bilerdi.
Soraglaryň ençemesine biragyzda jogap bermek aňsat düşmeýär we köp halatlarda bu mümkin hem bolanok. Şol sebäpden hem, aşaky soraglaryň doly jogaby höküminde biz ýörite taýýarlanan we saýtymyzda ýerleşdirilen makalalara salgylanmagy we okamagy maslahat bermegi makul bildik.
Jogaby oka

Hormatly lukman! Multitabs dermanyn tasiri barada aýdyp geçseňiz sizden hoşal bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam lukman. Men 10 gün hassahanada bejergi aldym. Şonda ýanbaşdan sanjym edilen ýerim erbet çişdi, gany durmady, hatda ýarym sagat ýaly ýöremegim hem kynlaşdy. Indi şol sanjym edilen ýerimiñ derisi ýyrtylýar. Başga ýerler däl-de, diñe şol sanjym edilen ýerim şeýle bolup dur. Sanjymdan bolan zatmyka ya-da guýçli derman urulandanmyka?
Saýtyň okyjysy.
Hormatly lukman! Men ýarawsyz bolamsoň ýygy-ýygydan sanjym etmeli bolýaryn. Käwagtlar sanjymy öz-özüme hem etmeli bolýan halatlarym seýrek bolanok. Öz-özüňe sanjym etmek howplumyka? Aslynda sanjym etmek nähili ýaramaz ýagdaýlara getirip biler?
Saýtyň okyjysy.
Dowamy

Hormatly lukman! Men köplenç şeýle ýagdaýlaryň şaýady bolýaryn. Hassahanada lukmanyň kabulhanasynda gezegime garaşyp otyryñ welin, köplenç ýokary wezipeleri eýeleýän adamlar gelýarler (polisiýa işgärleri ýa-da ş. m.) we "Men öñ gürleşip goýdum" diyip girip gidiberýärler. Şular ýaly düzgün barmy? Eger bar bolsa, onda biz name etmeli?
Saýtyň okyjysy, Aýmyrat.
Jogaby oka

Salam hormatly lukman! Meni şeýle sorag gyzyklandyrýar – bedende alkogol emele gelýärmikä?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Meniň elimde biotok bar. Adamlaryň arasynda otursam töweregimdakileriň keselini özüme çekip alýaryn. Ol adamlar sagalýar, men bolsa syrkawlaýaryn. Men nädip saglygymy gorap saklamaly?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam hormatly lukman! Ýylan etini iýmek peýdalymy, ol dermanmy? Soraýanlygymyň sebäbi, men birnäçe gezek derman höküminde ony iýenlerine gabat geldim. Maña-da hödür etdiler, ýöne men iýmedim. Guragyra we basga-da köp kesele garşy peýdasy bar diýýärler. Eýsem bu dogrumyka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka