Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

RAK KESELINI BEJERMÄGE SYNANŞYK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.14 (7 Ses)

Salam lukman! Häzirki döwürde Türkmenistanda rak keseli köpelip başlady. Internetde bedeniň turşulygyny azaltmagyň hasabyna keseli bejermek barada maglumatlar köpelip başlady. Şu barada türkmen okyjylaryna türkmen dilinde maglumat beräýseňiz.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5772 gezek okalan

"PERMAKULTURA" BARADA PIKIR PAÝLAŞMA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.39 (18 Ses)

Sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmegiň täze ýoly: adamyň sagdyn ýaşamagy daşky gurşawdan alýan we sarp edýän energýasy deňeçer bolmaly. Daşyndan alynýan energiýa esasan iýmitlenmek arkaly alynýar. Diýmek energiýa deňagramlylygy hem esasan iýmit bilen sazlanmaly. Artyk iýip energiýany az sarp etmeklik semizlige elter, madda çalyşygy bozular, soňy bilen organizm dürli kesellere uçrar. Kemter iýmitlenmek hem organizmiň wagtyndan öň gurpdan gaçmagyna, garramagyna sebäp bolar. Diýmek, iýmitlenmek meselesinde gadymy grekleriň "Altyn ortalyk" düzgünine eýermelidigine hemmeler düşünen bolsa gerek. Bu düzgüni ýaşaýyşyň ähli meselesinde peýdalanmak ösüşe alyp barýar.

Jogaby oka

  • 4925 gezek okalan

OKYJYMYZYŇ HAÝYŞY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.13 (8 Ses)

Hormatly lukman! Saýtda pedofiller we lesbiýler barada makala çap etmäne goýmagyňyzy haýyş edýärin. Biziň jemgyýetimiz, esasan hem ýaşlar şundan dogry netije çykararlar öýdemok. Siziň işiňizde üstünlik dileýärin.

Saýtyň okyjysy, Dawid Dawidow.

Jogaby oka

  • 4514 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (9 Ses)

Salam, lukmanlar! Käbir hamamlarda ýa-da umumy hamamlarda, saunalarda ýörite bug bolýar. Buguň adam saglygyna nähili peýdalary we zyýanlary bar? Ýürek agyrly, dem gysmaly adamlara buglara girmek bolýarmyka?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 3981 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (9 Ses)

Salam, hormatly lukman! Soragymyñ gelşiksizräk bolmagam mümkin. Ýöne geçen iki hepdäniň dowamynda tanaýanlarymdan 4 adam akmaklyk edip, dürli säbeplere görä uksus kislotasyny içip, öz janlaryna kast etdiler, ýöne lukmanlaryñ aladasy bilen ölmän galdylar. Şolar ýaly ýagdaýlarda, ýagny, uksus içen adama nähili ilkinji kömegi bermelikä?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 7401 gezek okalan

TUT KÖMELEGI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (2 Ses)

 

Salam, Lukman aga! Berýän maslahatlaryňyz üçin köp sag boluň! Tut agajynyň şepbigi (oňa tut kömelegi hem diýilýän eken) süýji keseliniň emi diýip eşitdik. Ony gaýnadyp içenleriň gandaky süýjiniň derejesiniň peselip, peýda tapanlar bar.

Şu barada giňrak maglumat beräýseňiz. Öňünden minnetdarlyk bildirmek bilen, saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 3747 gezek okalan

MUMYÝA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (3 Ses)

Salam, hormatly lukman! Mumyýa haýsy ýagdaýlarda we nädip ulanylýar? Şular barada maglumat berseňiz hoşal bolardyk.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4070 gezek okalan