Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

KORONAWIRUS BILEN BAGLY ÝAGDAÝLARA SYN WE SAGLYK HABARLARY (15.10.2021)

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.34 (156 Ses)
Image

ÜNS BER!

Biz COVID-19 baradaky fakt-barlaglarymyzda halkara derejede tanalýan saglyk guramalaryna we saglyk hünärmenlerine esaslanýarys. Epidemiýa baradaky maglumatlaryň yzygiderli täzelenip durýandygy sebäpli, biziň hem fakt-barlaglarymyz şolara görä täzelenip durýar. Eger-de lukmançylyk maslahatyny gözleýän bolsaňyz, lukmana ýüz tutuň. COVID-19 barada goşmaça maglumat almak üçin Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň websaýtyny okaň.

HABARLAŞMAK KONTAKTLARY

Türkmenistanyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň salgysy: tel: +993 12 28-14-47, 28-22-04;

Türkmenistanyň Saglygy Goraýyş ministrligi: tel: +993 12 40-04-16, +993 12 40-04-07;

1-nji aprel: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi 24 sagat işleýän koronawirus boýunça sorag-jogap gyzgyn liniýasyny açdy – 73-95-35;

BSGG Türkmenistan: +993 12 48-83-25;

@BSSG Turkmenistan (Instagram), @UN_Turkmenistan, @UNDPTM, @UNRССA (UN Regional Center for Preventive Diplomacy for Central Asia)

09-15 OKTÝABR 2021

Koronawirus (COVID-19) bilen bagly ýagdaýlara syn we saglyk habarlary:

Sanlar

John Hopkins University and Mediсine: kesellänler 239,750,993, ýogalanlar: 4,884,639, waksinasiýa dozalary: 6,579,781,747.

BSGGTürkmenistan: kesellänler: 0, ýogalanlar: 0, waksina dozalary: 7,580,976 (29 awgust), Gazagystan: 990,461 (16,618), 13,647,786, Gyrgyzystan: 179,681 (2,629) 1,455,373, Özbegistan: 180,162 (1,283) 19,831,496, Täjigistan: 17,484 (125) 4,491,235, Russiýa: 7,925,176 (221,313) 94,491,689.

Türkmenistan

UNIСEF Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde çagalara el ýuwmagy öwretdi.

↪ Asly türkmen bolan Owganystanly bosgun Lukman Salima Rehman Päkistandaky bosgun enelere we bäbeklere edýän kömegi üçin BMG-nyň Bosgunlar Agentliginiň (UNHCR) Nansen baýragyna mynasyp boldy. Salimanyň özi hem Päkistanda bosgunlar lagerinde ulalýar we kiçilikden "Lukman Salima" lakamyny alýar. Ol doglanda ejesi agyr gaýraüzülmelere sezewar bolýar. Şonda Salimanyň kakasy eger bäbek diri galsa, ony lukman edip ýetişdirmäge ant içýär. Bu gün 29 ýaşly ginekolog Salima Päkistanyň Attok şäherinde zorluk bilen ýurdundan göçürilen owgan aýallaryna hyzmat edýär. BMG-nyň bellemegine görä, ol Owganly türkmenleriň içinde ilkinji bosgun lukmandyr.

Waksinalar we Waksinasiýa

↪ Wengriýa Russiýanyň Sputnik V COVID-19 waksinasyny öndürmek üçin tehnologiýa kabul eder. Şeýlelikde waksina ilkinji gezek Ýewropa Bileleşiginde öndürilip başlanar, emma 70-den köp ýurtda ulanylýan Sputnik heniz Ýewropada tassyklanmady.

↪ Ýakyn günlerde Hindistan Bharat Biotech kompaniýasynyň Covaxin waksinasynyň 12 ýaşdan kiçi çagalara berilmegine rugsat berdi. Bu waksina ýurtda şeýle ygtyýarnama alan ilkinji waksina boldy.

↪ Ýurtda ölýänleriň sanynyň (häzire çenli 217,372 adam) juda kändigine we waksina alanlaryň azdygyna garamazdan, Russiýa täze çäklendirmeleri girizmek islemeýär.

COVAX: Uly arzuwlar puç boldumy?

Pandemiýanyň irki günlerinde COVAX programmasynyň düýbi tutuldy we onuň üsti bilen ähli ýurtlara deň derejede COVID-19 waksinasy elýeterli ediler diýip, gowy niýetler edildi. Emma, soňky çykan derňewler ol arzuwlaryň hakykata öwrülip bilmändigini görkezýär:

↪ Pes girdejili ýurtlaryň ilatynyň 98% heniz waksina almady.

↪ COVAX dünýäde edilen ähli sanjymlaryň 5-den hem az göterimine kömek etdi.

↪ COVAX 2021-nji ýylda 2 milliard dozany paýlamak maksadyna ýetmejekdigini aýtdy. 

Derňewden bellikler:

↪ Dozalar giç paýlanýar ýa-da asla paýlanmaýar. Bu bolsa käbir ýurtlarda bidüzgünçiliklere we ikinji dozalaryň gijikdirilmegine sebäp bolýar.

↪ Ulanyş möhletiniň dolmagyna az wagt galanda paýlanylan dozalar ýa yzyna gaýtarylýar ýa-da zibile atylýar.

↪ Diplomatlaryň COVAX-a eden jaňlary jogaplanmaýar.

↪ COVAX Hindistanda çykýan waksinalara aşa bil baglady, emma geçen ýazda Hindistan waksinalary gadagan edende waksina üpjünçiligi mazaly peseldi.

↪ COVAX garaşylmadyk bökdençlikler üçin waksina öndürijilerini günäkärleýär.

COVID-19 we barha artýan psihiki bozulmalar

Pandemiýa dünýäde 53 million (28% artyş) täze depressiw bozulmalara we 76 million (26% artyş) ynjalyksyzlyk bozulmalaryna jogapkär hasaplanylýar. Bu iki görnüşli bozulma koronawirusyň iň köp ýaýran ýurtlarynda has artyp, esasan aýallara we ýaş adamlara täsir edýär. Bu hasabat ýurtlara psihiki saglyk ulgamlaryny haýal etmän pugtalandyrmagy duýdurýar. Bu duýduryş BSGG-nyň 2020-nji ýyldaky Psihiki Saglyk Atlasynda beren duýduryşlaryna hem gabat gelýär:

↪ Ýurtlaryň hökümetleri saglygy goraýyş býujetleriniň diňe 2%-ini psihiki saglyga siňdirýärler. Bu göterimde soňky ýyllarda örän az üýtgeşme boldy.

↪ Ýurtlaryň diňe 52%-i maksat edilen psihiki saglygy goraýyş çärelerini üstünlikli alyp bardylar. Bu 2020-nji ýyl üçin öňde goýlan maksatdan (80%) has azdyr.

Ikinji, ýuwaş pandemiýa

Antibiotiklere durnuklylyk meselesi pandemiýanyň dowamynda diňe ýitileşdi. Bütin dünýäde hassahana düşen COVID-19 näsaglarynyň 80% golaýyna profilaktiki antibiotikler berilýär. Bu bolsa dermanlara durnukly infeksiýalaryň artmagyna getirip biler. Aglabasy pes we orta-girdejili döwletlerden bolan täze doglan çagalaryň her ýyl 214 müňden köpüsi dermanlara durnukly infeksiýalardan ýogalýarlar.

Bu aladalandyryjy tendensiýa dowam etse, çagany kesip almak ýa-da bogun çalyşmak ýaly adaty operasiýalary geçirmek hem bir gün örän töwekgelçilikli bolup biler. Emma muňa çözgüt bar: antibiotikleriň nädogry we aşa ulanylmagynyň öňüni almak üçin çäreler geçirilmeli:

↪ Edaralar meýletinçileriň kömegi bilen habardarlyk kampaniýalaryny geçirip bilerler.

↪ Girdeji üçin döredilmedik guramalar saglygy goraýyş işgärleri üçin antibiotikleri ýaýratmaga we ulanmaga bagyşlanan okuwlar geçirip bilerler.

↪ Kanun çykaryjylar we saglygy goraýyş pudagynyň ýolbaşçylary ýokary hilli, tiz diagnostikalaryň elýeterliligini ösdürip bilerler. Bu hyzmatlar antibiotikleriň hökmanydygyny ýa-da däldigini irgözin kesgitlemäge ýol açarlar.

Saglyk.orgСOVID-19 ähli soraglaryňa jogaplar. Oka, goran, paýlaş! Bizi IMO-da hem yzarlaň! (Group Name: Saglyk; Group ID: 15022763

Özüňi we maşgalaňy gora

Barlaglar (Testler)

Karantin

Wirus

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy täze koronawirus (Covid-19) barada ýaýran toslamalary paş etdi

"Pandemiýa" näme?

Ýüzärlik

Alkogolly içgiler koronawirusdan goraýarmy?

Koronawirusyň (Covid-19) we dümewiň meňzeşlikleri we tapawutlary

Oksolin ýagy (оксоли́новая мазь) koronawirusyň ýokuşmagynyň oňüni alýarmy?

Covid-19 wirusy näçe wagtlap zatlaryň ýüzünde diri galyp bilýär?

Ibuprofen dermany Covid-19 bilen kesellänleriň ýagdaýyny ýaramazlaşdyrýarmy?

Günüň aşagynda durmak koronawirusdan (Covid-19) goramaýar

Inçekesel waksinasy koronawirusdan gorap bilýärmi?

Covid-19: immunitet we möwsümleýinlik

Täze koronawirus adamlaryň aglabasyna ýokuşarmy?

SARS-COV-2 wirusyny kontrolda saklap, aradan aýryp ýa-da ýok edip bolýarmy?

SARS-COV-2 wirusy jynsy gatnaşykda spermanyň (dölüň) üsti bilen ýokuşyp bilýärmi?

Jemgyýetçilik basseýnlerine haçan arkaýyn gidip bolar?

Atipiki pnewmoniýa näme?

Adam jaýlananda howpsuzlyk we hormat

Burnum ys alanok. Bu koronawirusyň alamatymyka?

Alymlar koronawirusyň howada saklanmagy barada BSGG-a ýüzlenýärler

Covid-19 bilen keselländen näçe wagt geçensoň adamlar bilen gatnaşyp bolýar?

Okyjydan: Koronawirus simptomsyz hem geçip bilýär diýýilýär, düşündiräýseňiz

Covid-19: Nädip dezinfeksiýa etmeli?

Okyjydan: Hlory ýa-da natriniň gipohloridini howa sepmek koronawirusy öldürip bilýärmi?

Okyjydan: Bir gezek Covid-19 bilen keselläp gutulsaň, kesel täzeden ýokuşyp bilýärmi?

Covid-19 öňümizdäki dümew möwsümini beterleşdirermi?

Aerozol geçirijileri barada has köp subutnama tapyldy

Hajathanalarda Covid-19 ýokuşyp bilýärmi?

Koronawirusyň esasy alamaty – ys alşyň ýitmegi

Ys alşyň ýitmeginden-tutgaýlara çenli: Covid-yň köpugurly hüjümi

Covid-19 pandemiýasy döwründe "artyk ölümleriň" sanyna gözegçilik

ELLERI NÄDIP DOGRY ÝUWMALY?

SEN NÄDIP SALAMLAŞÝARSYŇ?

Image

Salamlaşanyňyzda

BOLMAÝAR:

Elleşmek;

Gujaklaşmak;

Öpüşmek.

BOLÝAR:

Baş egmek;

Mylaýym ýylgyrmak;

Eliňi galgatmak;

Eliňi ýüregiňe goýup egilmek.

A SEN NÄDIP SALAMLAŞÝARSYŇ?

#salamlaşmak #koronawirus

  • 43883 gezek okalan